Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradow bilen Anderson «bakyşlaryň duelini» geçirdiler

23:4315.04.2021
0
22442

Garyşyk göreşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşygynyň öň ýanynda «bakyşlaryň duelini» geçirdi. Tutluşyk Bellator ýaryşynyň çäginde Ankaswilde (ABŞ, Konnektikut ştaty) 16-njy aprelden 17-sine geçilýän gije geçiriler.

Anderson-Ýagşymyradow tutluşygy göreş agşamynyň ikinji esasy duşuşygy hökmünde yglan edildi.

Ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow türkmen türgenleriniň arasynda ilkinji bolup ACB­-niň, soňra bolsa ACA-nyň çempiony adyny gazandy.
Andersona garşy duşuşyk Döwletjan üçin Bellatorda ilkinji çykyşy bolar. Duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň ýarym finalyna çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň