Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti käbir edaralaryň işgärler düzüminde özgertmeleri geçirdi

23:1715.04.2021
0
8735

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow, başga işe geçmegi sebäpli, adalat ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow, başga işe geçmegi sebäpli, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowyň Milli Mejlisiň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy, Batyr Orazmämmedowyň bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň