Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradow bilen Andersonyň agramlary biri-birine ýakyn

23:0715.04.2021
0
33725

Şu gün «Bellator 257»-niň çäginde tutluşyk geçirjek ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow bilen onuň amerikaly garşydaşy Kori Andersonyň agramy çekildi. Olaryň agramy biri-birine juda ýakyn geldi diýip, MMA Junkie ýazýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, türkmenistanly pälwanyň agramy 204,5 funt, Kori Andersonyň agramy bolsa 204,75 funt geldi.

Garyşyk söweş sungaty boýunça «Bellator 257»-niň çägindäki bu tutluşyk 16-njy aprelden 17-nji aprele geçilen gije Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Konnektikut ştatynyň Ankaswil şäherinde geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňijisine 1 million dollar möçberinde baýrak goýlan ýaryşyň çärýek finalyndan göreşe girişer. Eger ol amerikaly garşydaşyndan üstün çykyp bilse, ýarym finalda «Bellatoryň» agyr agramdaky çempiony Raýan Baýder garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň