Soňky habarlar

Arhiw

Huawei täze smartfonlaryny kuwwatlandyryjy enjamsyz satuwa çykarar

17:2015.04.2021
0
4362

Ýene-de bir kompaniýanyň täze smartfonlaryny kuwwatlandyryjy enjamsyz satuwa çykarjakdygyny «ferra.ru» habar berýär. Mundan beýläk Huawei kompaniýasy kuwwatlandyryjy mikroshemalaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, täze smartfonlary kuwwatlandyryjy enjamsyz satmagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakyn wagtlarda kompaniýa Huawei 8 Nova, Huawei Mate 40, şeýle hem bir kristallaýyn ulgam esasynda düzülen Kirin 990 ýaly smartfonlaryny kuwwatlandyryjy enjamsyz satyp başlar. Ozal smartfonlary kuwwatlandyryjy enjamsyz satuwa çykarmak ýörelgesine Apple, Samsung, Xiaomi ýaly iri kompaniýalar eýerip, bu ýagdaý daşky gurşaw hakynda alada bilen düşündirilýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň