Soňky habarlar

Arhiw

Ýandeks kompaniýasyna monopoliýa garşy düzgünbozmalary üçin jerime belleniler

17:1615.04.2021
0
1942
Ýandeks kompaniýasyna monopoliýa garşy düzgünbozmalary üçin jerime belleniler

Köpugurly tehnologik kompaniýa bolan Ýandekse monopoliýa garşy düzgünbozmalary üçin jerimäniň belleniljekdigini «ferra.ru» habar berýär. Habar berlişine görä, Ýandeks tarapyndan «monopoliýa garşy düzgünbozmalary aradan aýyrmak üçin tabşyryklar» ýerine ýetirilmändir. Şunuň bilen baglylykda, jerimäniň möçberi kompaniýanyň söwda bazarynda gazanan girdejilerine bagly bolar.

Ýüze çykan bu ýagdaý bilen baglylykda, kompaniýanyň aksiýalary 7% pese düşdi. Närazylyklaryň döremegine IT-ägirdi bolan Ýandeksiň gözleg bermekde öz serwerlerini ileri tutmagy sebäp bolup, bu barada Russiýanyň internet kompaniýalary FAS-a arz bilen ýüz tutdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň