Soňky habarlar

Arhiw

Visa we Mastercard Russiýada töleg ulgamyny ýapmak mümkinçiligi hakynda düşündiriş berdi

15:5715.04.2021
0
10917

Visa we Mastercard Russiýa Federasiýasynda öz adaty işini dowam edýär. Bu barada BRK kompaniýanyň bildirişine salgylanmak bilen habar berýär. Mastercard kompaniýasynyň Russiýadaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Alekseý Malinowskiý onuň ýurduň çäklerinde eýýäm 20 ýyl bäri iş alyp barýandygyny we «russiýaly raýatlaryň Russiýanyň banklary tarapyndan çykarylan Mastercard kartlarynyň 100 milliondan gowragyndan peýdalanýandyklaryny» belleýär. Visa kompaniýasynda hem onuň Russiýanyň çäklerinde 30 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýandygy, ýurduň bazar ulgamyna döwrebap töleg tehnologiýalaryny ornaşdyrýandygy we sanly rus ykdysadyýetiniň ösüşine öz goşandyny goşýandygy nygtalýar.

Merkezi bankyň başlygynyň birinji orunbasary Olga Skorobogatowanyň bellemegine görä, Visa we Mastercard kartlarynyň Russiýanyň çäklerinde töleg ulgamynyň ýapylmak ähtimallygy ýokdur. Çünki munuň «halkara töleg ulgamy boýunça iş alyp barýan kompaniýalara zerurlygy has möhümdir».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň