Arhiw

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatry Türkmenistanda saparda bolar

21:3314.04.2021
0
9068

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň döredijilik toparynyň Türkmenistanda saparda bolmagyna garaşylýar. Bu barada habar beren pskov.ru Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowanyň aýdanlaryna salgylandy.

Bu çäre «Uly syýahat» taslamasynyň çäginde geçiriler. Taslama laýyklykda, Russiýanyň teatrlarynyň 250-si we 28 toparyň döredijilik sapary üçin 500 çemesi sargyt alyndy.

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatry öz döredijilik saparlaryny maý aýynda Türkmenistana we Günorta Osetiýa boljak saparlar bilen açar. Teatr şu ýyl 100 ýaşaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň