Belarus döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany artýar

21:2114.04.2021
0
27560

Pandemiýa döwründe Belarusyň döwlet uniwersitetinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletlerinden bilim alýan talyplaryň sany artdy, şol talyplaryň esasy bölegini türkmenistanly talyplaryň tutandygy mälim edildi. Bu barada “Mir24” telelýaýlymy habar berdi.

Habarda Türkmenistandan, Russiýadan we Gazagystandan talyplar okuwa merkezleşdirilen test synaglary esasynda kabul edilýändigi, beýlekileriň bolsa tölegli okuwa söhbetdeşlik arkaly kabul edilýändigi bellenilip geçildi.

Belarusyň döwlet uniwersitetinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan 2000-den gowrak talyp bar. Pandemiýa döwründe häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna olaryň sany ep-esli artdy.

Daşary ýurtlular, köplenç, filologiýany we halkara žurnalistikany saýlaýarlar. Belarusyň ykdysatçy we hukukçy diplomyny almak isleýänleriň sanynyň hem az däldigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň