Soňky habarlar

Arhiw

Londonyň merkezinde şazada Filippiň ýadygärlik heýkeli gurlar

18:5314.04.2021
0
615

Beýik Britaniýanyň London şäherinde Edinburgyň Gersogy şazada Filippiň hormatyna ýadygärlik heýkeli gurlar. Ýadygärlik heýkeli London şäheriniň merkezinde Bukingem köşgüniň golaýyndaky Mell köçesinde ýerleşer. Beýik Britaniýanyň parlamenti şazada Filippiň hormatyna ýadygärlik heýkelini gurmaklyk baradaky teklibi tassyklady. Premýer-ministr Boris Jonson hem bu teklibi goldady.

Beýik Britaniýanyň Leýboristlar partiýasy tarapyndan berlen beýanda: «Edinburgyň Gersogy bütin ömrüne ýurda we şa zenanyna hyzmat etdi. Onuň hormatyna guruljak ýadygärlik heýkeli şazada Filippiň ýurt we şa zenany üçin bitiren hyzmatlarynyň nyşany bolar.» - diýlip bellenilýär.

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizawetanyň adamsy şazada Filip aradan çykanyndan soň, sosial ulgamlarda Premýer-ministr Boris Jonsona ýüz tutuldy. Ýüzlenmede Filip şazadaň hormatyna ýadygärlik heýkelini gurmaklyk teklip edilýär. Ýüzlenmä 6000 adam gol çekdi. Beýik Britaniýanyň Hökümet baştutany Boris Jonson hem bu teklibi goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň