Soňky habarlar

Arhiw

Microsoft täze kompaniýalary satyn almaga Facebook bilen Google garanyňda köp çykdajy edýär

18:3614.04.2021
0
4671

Microsoft kompaniýasy, Facebook bilen Google garanyňda, ýygy-ýygydan täze kompaniýalary satyn alyp, öz bäsdeşlerinden has köp çykdajy edýär. Munuň kömegi bilen kompaniýa tehnologik ägirtleriň arasynda öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýär. Bu barada «vc.ru» Axious-a salgylanyp habar berýär. Axious neşiri iri IT-kompaniýalarynyň bu ugurdaky işini görkezýän infografikany çap etdi.

Şeýlelikde, neşiriň maglumatlaryna görä, Facebook WhatsApp bilen Instagram üçin 23 milliard dollar, Google YouTube üçin 1,7 milliard dollar, Microsoft bolsa Linkedln we Skype üçin 34,7 milliard dollar çykdajy etdi. Aprel aýynyň başynda kompaniýa 19,7 milliard dollara Siri ses kömekçisiniň sesini tanamak algoritmlerini dörediji Nuance kompaniýasyny satyn alýandygyny mälim etdi. Soňky ýyllarda Microsoft kompaniýasy 10 milliard dollara Discord, 51 milliard dollara Pinterest we 10 ― 30 milliard dollara bolsa TikTok kompaniýasyny satyn almak boýunça gepleşikleri baglaşmagy dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň