Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda Olimpiýa oýunlaryna 100 günüň galmagy mynasybelti çäre geçirildi

18:2314.04.2021
0
3997

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna 100 gün galanda wagt yzyna sanalyp başlandy. Munuň bilen baglanyşykly dabara Tokio şäher häkimliginde geçirildi. Bu barada «TASS» habar gullugy habar berdi.

«Olimpiýa oýunlaryna başlanmagyna indi 100 gün galdy. Biz bu senä ýetendigimiz üçin örän begenýäris. Koronawirusa keseline garşy görülýän çäreler we lukmanlaryň tagallalary netijesinde biz muny başardyk. Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin elimizden gelenini ederis» diýip, Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike buýsanç bilen belleýär.

Baýramçylyk senesi mynasybetli Tokio şäher häkimloginiň binasynda 2,6 metr beýikliginde Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanyň şekilleri ýerleşdirildi. Birinji nyşanyň ady «Miraýtowa» diýip atlandyrylypdyr. Bu sözüň düşündirilişi, ýagny «Miraý» – geljek, «Towa» – bakylyk diýmegi aňladýar.

Ikinji nyşany bolsa Nara prefekturasyndaky Someýosino sakura görnüşinde emele gelen «Someýti» diýip atlandyrypdyrlar. «Someýti» adyny iňlis dilinde terjime edeniňde «Öran güýçli» manysyny berýär.

«Olimpiýa oýunlaryna 100 gün galdy» atly çäre bilen birlikde Tokio şäheriniň etegindäki Takao dagynyň depesinde Olimpiýa oýunlarynyň nyşany – bäş halka ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň