Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçiriler

12:4914.04.2021
0
6193

Ýakynda Aşgabat şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda şäheriň açyk tennis çempionaty we 2005 ― 2006-njy ýylda doglanlaryň arasynda resmi däl ýaryş geçirildi.

Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýaryşa 80 töweregi tennisçi gatnaşdy. Ýaryş Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty müdirligi we şäherdäki 10-njy, 11-nji we 13-nji sport mekdepleri tarapynda geçirildi.

Ulularyň arasynda geçirilen ýaryşda Rozhan Garajaýewa bilen Ruslan Baraýew ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy.

2007 ― 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda bolsa ýeňiş Selim Pirjikowdyr Aýşa Bekbulatowanyňky boldy.

Resul Mämmetgurbanow bilen Ejeş Kulyýewa 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirlen ýaryşlarda ýeňiji boldy.

Ýeri gelende, şu ýyl Aşgabatda tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň geçiriljekdigini ýatladýarys. Oňa 15 döwletiň wekilleri gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň