Ever Given gämisi 900 million dollarlyk öwezini dolma tölegini geçirýänçä konfiskasiýa ediler

18:0413.04.2021
0
6605

Sues kanalyndaky gatnawlaryň alty günläp saklanmagyna sebäp bolan konteýnerleri gatnadyjy Ever Given gämisi 900 million dollar möçberde bellenilen öwezini dolma tölegini geçirýänçä konfiskasiýa ediler. Bu barada РИА Новости habar berýär. Bu çözgüt Ismailiýa şäheriniň ykdysady meseleler boýunça kazysy tarapyndan çykaryldy. Öwezini dolma tölegi kesgitlenende Sues kanalynyň ýolbaşçylar düzüminiň Ever Given gämisini ýalpak ýerden çykarmak, gämide düzediş geçirmek bilen bagly çykdajylary we gatnawlaryň saklanandygy sebäpli çekilen zyýanlar göz öňünde tutuldy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasyndan Rotterdama barýan konteýnerleri daşaýjy Ever Given gämisi 23-nji martda kanalyň uzynlygynyň 151-nji kilometrinde ýerleşýän ýalpak ýerine batyp galmak bilen bu ýerde amala aşyrylýan gatnawlaryň alty günläp saklanmagyna sebäp boldy. Ýörite ýerine ýetirilen işleriň netijesinde gämini ýalpak ýerden çykarmak we kanalyň gatnaw ýoluny dikeltmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň