Türkmen futbolçylary Kazanda geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldular

17:5813.04.2021
0
812
Türkmen futbolçylary Kazanda geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldular

Kazanyň «Bustan» sport toplumynda «2021 ýyl ― Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kubogy ugrunda kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşy Tatarystan Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň, şeýle-de Kazanyň (Priwolžsk) federal uniwersitetiniň hemaýat bermeginde Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsullygy gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Ýaryşa 8 sany talyp topary gatnaşdy, olaryň düzüminde Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Siriýa Arap Respublikasynyň, Afrika ýurtlarynyň Bileleşiginiň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri çykyş etdiler.

Oýunlar iki toparda geçdi, olaryň ýeňijileri finalda özara güýç synanyşdylar. Bu sport çäresinde Kazandaky ilçihanalaryň işgärleriniň ýygyndy topary ýaryşa gatnaşyjylar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.

Baş baýraga Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy tarapyndan düzülen «Dostluk» futbol topary mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Täjigistanyň we Özbegistanyň talyplar ýygyndylary eýelediler. Ýeňijä Kubok, öňdäki orunlary eýelänlere bolsa medallar gowşuryldy.

«Dostluk» toparynyň hatarynda Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen ýaşlary Abdyserdar Eminow, Ylýas Ekäýew, Çarydurdy Nyýazow, Kadyr Kadyrow, Bagtyýar Öwezberdiýew, Ahmet Saryýew, Amangeldi Amangeldiýew, Kerwen Hudaýberdiýew, Wagiz Piskow, Baýramgeldi Hümmetgeldiýew dagylar oýnadylar.

Bu sport çäresinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Afrika ýurtlarynyň talyplary aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Futbol ýaryşy barada Russiýanyň we Tatarystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlar köpçülige ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň