Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy kiçi futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady

17:5113.04.2021
0
489
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy kiçi futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady

11-nji aprelde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, kiçi futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.

Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi.

Bu sport bäsleşigine GDA ýurtlarynyň Fransiýadaky we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşyk tamamlanansoň oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýadygärlik sylaglary berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň