Liwiýa bilen Türkiýäniň arasynda 5 sany şertnama gol çekildi

17:4313.04.2021
0
474
Liwiýa bilen Türkiýäniň arasynda 5 sany şertnama gol çekildi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdoganyň we Liwiýanyň Milli Agzybirlik Hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeybäniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 5 sany şertnama gol çekildi. Gol çekilen şertnamalara «Liwiýada elektrik bekediniň gurluşygy baradaky teswirnama», «Liwiýada 3 sany elektrik bekediniň gurluşygy barada özara düşünişmek Memorandumy», «Tripoli howa menziliniň täze halkara terminalynyň gurluşygy barada özara düşünişmek Memorandumy», «Tripolide täze söwda merkeziniň gurluşygy barada özara düşünişmek Memorandumy» we «Türkiýäniň Hökümeti bilen Liwiýanyň Milli Agzybirlik Hökümetiniň arasynda metbugat pudagynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy» ýaly resminamalar degişlidir.

Soňra türk Lideri Rejep Taýýyp Ärdogan we Liwiýanyň Milli Agzybirlik Hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeybe iki ýurduň arasynda «Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji mejlisiniň bilelikdäki beýanyna» gol çekdiler.

Gol çekiliş dabarasyndan soň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan çykyş edip: «Liwiýa döwleti bilen energetika, saglygy goraýyş, maliýe, ýerli dolandyryş, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy has-da çaltlaşdyrmaklyk üçin ädimler äderis. Şu pursatdan peýdalanyp, giňden ýaýran koronawirus ýokançlygy sebäpli, ertir Liwiýa halkyna 150000 doza sanjymy gowşurarys. Bu maksat bilen Tripolide epidemiýa hassahanasyny işlederis.» - diýip bellemeklik bilen, Türkiýäniň Liwiýa döwletine 150000 doza sanjym kömegini hem berjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň