Siri täze Apple önümleriniň tanyşdyrylyş senesini «aýan etdi»

17:2713.04.2021
0
5854

Apple enjamlarynda ulanylýan Siri ses kömekçisi kompaniýanyň täze enjamlary bilen tanyşdyrylyş senesini mälim etdi. Bu barada РИА Новости habar berip, onda ses kömekçisiniň ABŞ-nyň ulanyjylaryna beren maglumatynda tanyşdyrylyş çäresiniň 20-nji aprelde Kupirtinoda boljakdygynyň aýdylandygy bellenilýär.

Şeýle hem Siri salgylanmak üçin resmi saýta girmegi hödürleýär. Emma häzire çenli saýtda bu barada maglumat ýerleşdirilmändir. Adatça, Apple çäräniň geçirilmegine bir hepde galanda çakylyklar ugradýar. Şonuň üçin-de tanyşdyrylyşyň geçiriljekdigi hakynda maglumat saýtda birki günüň dowamynda ýerleşdirilip bilner. Çärede özüniň mini-LED ekrany bilen matrisalaryň ýanmak töwekgelçiligini döretmezden reňkleriň sazlaşygyny gowulandyrjak täze iPad bilen gysgaça tanyşdyryşyň hem bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de Apple kompaniýasy AirPods tws-garniturasynyň we AirTags trekerleriň täze «nesli» bilen tanyşdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň