«Fukusima-1» AES-iň arassalanan suwuny ummana guýmaga rugsat edildi

15:2313.04.2021
0
4787

«Коммерсант» neşiriniň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň hökümeti heläkçilige sezewar bolan «Fukusima-1» AES-iň suwuny ummana guýmak boýunça meýilnamany tassyklady. Olara eredilen ýangyjy sowatmakda ulanylýan, şeýle hem hapalanan ýagyş we ýerasty suwlar degişlidir. Ýaponiýanyň hökümet agzalarynyň pikirine görä, suw arassalanandan soň hiç hili howply täsiri döretmeýär.

Eýýäm mart aýynyň başyna çenli ýörite gapgämilere(tankerlere) arassalanan radioaktiw suwlaryň 1,25 million tonnasy ýygnandy. «Fukusima-1» AES-iň operatorynyň aýtmagyna görä, olar güýz aýlarynda dolar. Suw stronsiý, deýteriý ýaly dürli radioaktiw birleşmelerden arassalansa-da, onda tritiý elementiniň birleşmeleri saklanýar. Şonuň üçin-de tritiniň konsentrasiýasy bir litrde 1,5 müň bekkereleýe çenli azalýança oňa suw goşmak işi dowam eder. Bu Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan talap edilýän kadadan hem 7 esse azdyr. Suwy arassalamak işlerine MAGATE we üçünji beýleki taraplar gözegçilik eder. Taýýarlyk hem-de barlag işleri sebäpli suwy ummana guýmak 2 ýyldan başlanar.

2011-nji ýylyň martynda bolup geçen tebigy betbagtçylyk sebäpli «Fukusima-1» AES-e güýçli tolkunlar zarba edip, bir wagtda üç energobloklarda reaktorlaryň işjeň zolagyny eretdi we heläkçilikli ýagdaýy döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň