Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň premýer ministri Oksfordşir graflygyndaky öz öýüni kireýne berer

12:0513.04.2021
0
4914

Beýik Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson öz Oksfordşir graflygyndaky öýüni aýyna 4,25 müň ýewro(5,85 müň dollar) baha bilen kireýne berer. Bu barada TASS «The Times-e» salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Teým şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu jaý içi goşsuz görnüşinde kireýne berler. Jaý dört otagdan, gyşky bagdan, öýüň töwereginde ýerleşýän tennis meýdançasyndan we ýyladylan howuzdan ybarat bolup, onuň umumy gymmatyna 1,2 million ýewro(1,65 million dollar) baha kesýärler.

Dauning-stritde, şäheriň daşyndaky Çekers mülklerinde ýerleşýän London rezidensiýasynda ýaşaýan döwürlerinde Beýik Britaniýanyň birnäçe premýer ministrleri öz jaýyny kireýne bermek tejribesinden peýdalandylar. Dewid Kemeronyň öý jaýyny aýyna 6 müň ýewro(8,2 müň dollar), Tereze Meýiň bolsa 10 müň ýewro(13,8 müň dollar) baha bilen kireýne bermekleri muňa mysaldyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň