Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Katar özara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

10:5613.04.2021
0
9791

12-nji aprelde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwlet we hususy sektorlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň wekiliýetleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Dürli işewür-düzümleriň işlerini jikme-jik beýan edýän prezentasiýalar gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de sanly tehnologiýalardan we port infrastrukturasyndan peýdalanmak arkaly senagat, energiýa, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň