Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ukrainanyň täze bellenen ilçisi işläp başlady

00:0013.04.2021
0
504

12-nji aprelde Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy hem-de Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bar bolan özara gyzyklanma diňe iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň biri-birine bähbitliligi bilen däl-de, eýsem, iki dostlukly halkyň öňden gelýän taryhy we medeni-ruhy gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Wiktor Maýko 2005-2010-njy ýyllar aralygynda hem Türkmenistanda bu wezipede işläpdi. Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň