Soňky habarlar

Arhiw

Täze Lexus ES sedanyň tanyşdyryljak senesi mälim edildi

18:5812.04.2021
0
8449

19-njy aprelde ýapon awtokonserni Şanhaýda boljak awtoulag sergisinde iki sany täze önümi ― LF-Z Electrified elektrik krossoweri bilen bilelikde sedanyň özgerdilen ýedinji ES «nesli» bilen tanyşdyrar. Lexus-yň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Lexus International kompaniýasynyň prezidenti Kodzi Sato metbugat maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Awtoulagyň diňe yzky bölegi görkezilen wideoşekilden çen tutup, onuň täze görnüşine düýpli özgerişme girizilmändigini aýtmak bolar. Mälim bolşy ýaly, täze sedanyň daşky görnüşi Toýota Çamry awtoulagynda peýdalanylýan Toyota New Global Architecture(TNGA) arhitekturasynyň ulaldylyp ulanyljak gurluşyna eýe bolar. Sedanyň beýleki tehniki häsiýetnamalary heniz gizlinliginde galýar. LF-Z Electrified elektrik krossoweri bolsa güýç ornaşdyrmalary gibrid häsiýetinde bolan elektroawtoulaglaryň we awtoulaglaryň görnüşi bilen tanyşdyrar. Lexus olaryň önümçiligini 2025-nji ýyldan soň ýola goýmagy meýilleşdirýär. LF-Z Electrified elektrik krossoweri dört hereketlendirijili güýji(544 l. s., 700 Nm) we «akylly» hereketlendiriji bölümi bilen üpjün edilendir. Onda ilkinji ýüzlük hakynda düşünje üç sekundyň içinde toplanylyp, ýol geçişiň 600 km ätiýaçlygy jemlenýär.

Toýota Motor ýapon şereketi tarapyndan öndürilýän sylagly awtoulag markalary bolan Lexus 1989-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda awtoulagyň bu brendleri dünýäniň 90 döwletinde satylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň