Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada «Halasgär Isa» heýkelinden has beýik Isa heýkeli gurulýar

18:4812.04.2021
0
1128

Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ýerleşýän we ýurduň nyşanlaryndan birine öwrülen «Halasgär Isa» heýkelinden has beýik heýkel gurulýar.

Ýurduň günortasyndaky Enkantado şäherinde guruljak Isa heýkeli Rio-de-Žaneýrodaky 38 metrlik heýkelden has beýik bolar.

Heýkeltaraşlar toparyndan bolan ataly-ogul Jeneziýo we Markus Moura tarapyndan bina edilýän, 43 metr uzynlykdaky bu heýkele geçen hepde kellesi we açyk gollary goşuldy. Enkantadoda guruljak bu täze heýkel «Goragçy Isa» diýlip atlandyrylar. Bu heýkeli döretmek baradaky pikir geçen mart aýynda koronawirus ýokanç keseli zerarly aradan çykan ýerli syýasatçy Adroaldo Konzatti tarapyndan öňe sürüldi.

Ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýan «Goragçy Isa» taslamasynyň bahasy 350 müň dollardyr. Heýkel gurlup gutarylandan soň dünýädäki üçünji uly heýkel bolar. Dünýäniň mundan uly Isa heýkelleri Indoneziýada we Polşada ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň