Seýrek nusgaly iPhone 11 Pro bary-ýogy 2,7 müň dollara satyldy

18:3512.04.2021
0
8141

Kemçilikli iPhone 11 Pro auksionda 2,7 müň dollar baha satyldy. Oňa bolan isleg bu enjamyň eýesiniň, smartfonyň Apple-niň asyl nusgada öndüren önümidigine garamazdan, telefonyň alma şekilindäki belgisiniň biraz gapdal tarapa süýşündigini we sagadyň diliniň tersine tarap öwrülendigini görkezýän suraty Twitterde paýlaşmagy sebäp boldy.

Ulanyjynyň bellemegine görä, iPhone telefonynyň şeýle kemçilik bilen öndürilen nusgasy ýüz million önümiň arasynda bir gezek duşýar. IPhone enjamynyň şeýle kemçilik bilen ýene bir gezek öndürilmeginiň ähtimallygy bolsa ondan hem azdyr. Muňa garamazdan, adaty bolmadyk bu telefonyň bahasy bary-ýogy 2,7 müň dollara barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň