Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşikleriniň Düzgünnamasy tassyklanyldy

09:4512.04.2021
0
5002

Türkmenistanyň bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 52 belgili buýrugy bilen, «Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasy» tassyklanyldy.

Degişli buýruk Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 11308-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda Düzgünnama hem-de “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 1158-nji karary bilen tassyklanan, Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnama laýyklykda kabul edildi.

Ministr bu buýruk bilen, mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Tertibini tassyklap, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine Tertibiň orta mekdepleriň ýolbaşçylaryna ýetirilmegine hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň bellenen tertipde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 15-nji martynda 970 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2016-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 49 belgili buýrugy güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Düzgünnama bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň