Dzýudo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty tamamlandy

18:0810.04.2021
0
12276

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy ýakynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny medalsyz tamamlandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 15 türgen wekilçilik edipdi.

6 ― 9-njy aprel aralygynda geçirilen çempionata 29 döwletden 195 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna täsirini ýetirdi.

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda medallaryň 15 toplumy üçin geçirilen çempionatda iň ýokary netijäni 18 medal gazanan Koreýa Respublikasynyň dzýudoçylary eýeledi. Hytaýyň we Özbegistanyň türgenleri bolsa 11 medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň