Soňky habarlar

Arhiw

«Facebook» kompaniýasynyň ştab-kwartirasy COVID-19-a garşy sanjym ediş merkezine öwrüldi

15:1210.04.2021
0
4721

TASS-yň habar bermegine görä, «Facebook» kompaniýasy Kaliforniýa ştatynyň Menlo-Park şäherinde ýerleşýän ştat-kwartirasynyň bir bölegini tutuşlaýyn COVID-19-a garşy sanjym ediş merkezine öwürer.

Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýa koronawirusa garşy köpçülikleýin waksina almak işlerine aýratyn üns berip, onuň ştat-kwartirasynyň bir böleginiň ýörite sanjym merkezine öwürmek üçin enjamlaşdyrylmagy ilatyň az girdejili gatlagyna waksinanyň elýeterliligini döreder. Şeýle hem bu merkezde sanjym alýanlara ulag-aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da 174,8 million möçberde waksina edilip, 61,31 million adam waksinanyň iki sanjymyny hem aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň