Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada täze koronawirus barlag-testi synag edilýär

15:0610.04.2021
0
4079

Fransiýanyň Lion şäherinde birnäçe aý bäri Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «covid-air» atly täze taslama synag edilýär. Euronews-iň habar bermegine görä, onda anyklaýyş işi dem üflenende, onuň düzümindäki wirus beloklaryny anyklaýan enjamyň kömegi bilen geçirilip, munuň üçin birnäçe sekunt wagt gerek bolýar. Anyklaýyş işi üçin ýörite döredilen enjamda dem almak ýeterlikdir. Synaga gatnaşyjylar ony örän tiz ýerine ýetirilýän anyklaýyş usuly diýip kesgitleýärler.

Şeýle hem onuň PSR testinden aýratynlykda ýakymsyz duýgulary döretmeýändigi bellenilýär. Bu taslamanyň ýolbaşçysy, wirusolog Aleksandr Gaýmaryň aýtmagyna görä, bu barlag-testi köpçüligiň has üýşen ― konsert zallarynda ýa-da aeroportlarda anyklaýyş işleriniň çalt talap edilýän ýerlerinde ulanmak maksada laýykdyr. Alymlaryň pikiri boýunça, synagyň şowly tamamlanmagy bu enjamyň anyklaýyş maksatlary bilen giňden ulanylmagyna şert döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň