Türkmenistanda Aralyň guramagy bilen bagly ýaramaz täsiriň öňüni almak işleri güýçlendiriler

23:5909.04.2021
0
10738

Ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, ýene-de bir uly mesele ýüze çykýar. Aral deňziniň guramagy sebäpli, ekologiýa betbagtlygynyň zolagynda döreýän howa gurşawy bize uly howp döredýär. Bu ýagdaý tebigata, howa, Aralýaka sebitde we şondan uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär. Sebäbi, guraýan Aral deňzinden tozanly-duzly tupan arkaly gelýän aýratyn zyýanly maddalar müňlerçe kilometre ýaýrap, adam üçin örän howply ýagdaýy döredýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleri, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Bu işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde her aý hasabat berip durmak zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň