Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Içerki bazar öz önümlerimiz bilen doly üpjün edilmelidir»

23:5709.04.2021
0
6567

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmelidigine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyryp, importyny azaltmalydygyna, içerki bazaryň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk pudagynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de onuň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, agrosenagat pudagyna elektron dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň