Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary giňden wagyz etmäge çagyrdy

23:5609.04.2021
0
6350

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl şanly seneleriň ýyly bolmak bilen, möhüm wakalara, döwletimiziň gadymy taryhyna we onuň medeniýetine bagyşlanan makalalary, tele we radiogepleşikleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça meseleler bilen baglanyşykly giň düşündiriş işleri geçirilmelidir diýip, milletiň Lideri belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigini belläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň taryhymyz bilen berk baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň döreýşi we onuň dünýä medeniýetine, döwlet dolandyryş tejribesine goşan goşandy, Oguz han döwrüniň taryhynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we ylmy esasda öwrenilmelidir.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler dürli döwürlerde kuwwatly döwletleri döredipdirler. Häzirki wagtda bagtyýar nesiller şöhratly ata-babalarymyza mahsus bolan adalatlylyk we edermenlik ýaly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan taryhy dowam edýär. Milli Liderimiz halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýer M.Mämmedowa anyk tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ähli ugurlarda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler giňden wagyz edilmelidir. Maksatnamalaýyn çärelerde Bitarap döwletimiziň dünýä derejesinde eýeleýän orny, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli belende galmagy bilen bagly meseleler öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler R.Meredowa, M.Geldinyýazowa we M.Mämmedowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň gadymy taryhy ýadygärlikleri, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça halkara maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky meseläniň wajypdygyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk derejede ösdürmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň