Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işine nägilelik bildirdi

23:5209.04.2021
0
10638
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işine nägilelik bildirdi

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň hem-de onuň gözegçilik edýän nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň işlerine nägilelik bildirip, bu ýagdaýy çalt seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany wise-premýeriň şu ýylyň birinji çärýeginde pudakda alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň jemleri barada hasabatyny diňläp, nebitgaz toplumynda henize çenli öňegidişligiň duýulmaýandygyny, nebitgaz çig malynyň çykarylýan möçberiniň artdyrylmaýandygyny, çykarylýan çig nebitiň ýarysynyň bolsa eksporta iberilýändigini belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ozal tabşyryk berlendigine garamazdan, indi köp wagt bäri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatynyň diňe 40 göterimi ulanylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek işlerine az üns berilýär, Hazar deňzindäki nebitgaz ýataklary özleşdirilmeýär. Çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça işler hem haýal alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny hem nygtady. Tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça işleri has depginli alyp barmak möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň