«Şagadam» «Altyn asyrdan» dört futbolçyny kärendä aldy

23:4909.04.2021
0
6246

«Şagadam» futbol topary Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» dört futbolçysyny kärendä aldy. Bu barada TFF habar berýär.

Has takygy, «aragatnaşykçylaryň» futbolçyçylary Resul Mahmudow, Bagtyýar Güngenow, Mekan Aşyrow we Möwlamberdi Goşşanow dagylar şu möwsümiň ahyryna çenli kenarýaka toparyň düzüminde çykyş eder.

Mundan ozal «Şagadamyň» Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Myrat Ýagşyýewi düzümine goşandygyny hem habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň