Arhiw

Ruslan Mingazowyň geçiren goly «Kaspiniň» ýeňşi üçin ýeterlik bolmady

23:4909.04.2021
0
4166
Ruslan Mingazowyň geçiren goly «Kaspiniň» ýeňşi üçin ýeterlik bolmady

Gazagystanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda «Kaspiý» «Kaýsardan» asgyn geldi.

Şu gün Kyzylorda şäherinde geçirilen duşuşyk «Kaýsaryň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda «Kaspiniň» ýeke-täk pökgüsini türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow (26-njy minut) geçirdi.

Şeýlelikde, 29 ýaşly ildeşimiz möwsümdäki ikinji pökgüsini geçirdi. Ruslan Mingazow bilen bagly giňişleýin hasabatlary şu salgydan görüp bilersiňiz.

Häzir 4 utuk bilen ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagyndaky «Kaspiý» nobatdaky duşuşygyny 13-nji aprelde ýurduň häzirki çempiony «Kaýrat» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň