“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň karz hyzmatlary

17:4709.04.2021
0
2623

Içerki maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy esasynda ilatyň degişli isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply bank hyzmatlary yzygiderli ýola goýulýar. “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hem-de telekeçileriň bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Bank tarapyndan hödürlenýän karz hyzmatlary:

“Sarp ediş karzy” – 30 müň manat möçberinde 3 ýyla çenli berlip, ýyllyk 16 göterim bilen hödürlenýär. Karzy we göterimleri üzmek üçin karzdaryň zähmet hakynyň 50 göterimine çenli ýa-da maşgalanyň umumy girdejisiniň 50% çenli alynýar. Karzy nagt we nagt däl görnüşde üzmek mümkindir.

“Ýaş maşgalalar üçin karz” – 6 müň manat möçberinde 3 ýyla çenli berlip, ýyllyk 1 göterim bilen hödürlenýär. Karzy we göterimleri üzmek üçin karzdaryň zähmet hakynyň 50 göterimine çenli ýa-da maşgalanyň umumy girdejisiniň 50% çenli alynýar. Ýeňillikli berilýän karzyň bu görnüşi resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş çatynjalaryň ýüz tutmalary esasynda zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýär.

Ipoteka karzy – Aşgabat şäherinde gurlan öýleri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen 30 ýyla çenli hödürlenýär. Karzy we göterimleri üzmek üçin karzdaryň zamun bolujylary goşmak bilen umumy girdejisiniň 80 göterimine çenli alynýar. Bu karzy gozgalmaýan emläk bilen gaýtarmaga hem mümkinçilik bar.

Kiçi göwrümli karzlar – 30 müň manat möçberinde 3 ýyla çenli berlip, ýyllyk 10 göterim bilen hödürlenýär. Karzy üzmek üçin girew ýa-da nagt we nagt däl pul serişdeleri kabul edilýär. Şeýle hem karzy üzmek üçin alty aýlyk ýeňillikli döwür göz öňünde tutulandyr. Bu karzlar daýhançylyga täze başlaýanlara ýa-da oba hojalygynda özbaşdak işleýänlere ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen berilýär.

Haly satyn almak maksatlary üçin ýörite karz – 30 müň manat möçberinde 3 ýyla çenli berlip, ýyllyk 12 göterim bilen hödürlenýär. Karzy nagt we nagt däl görnüşde üzmek mümkindir.

“Owerdraft” karzy – karzdaryň aýlyk hakynyň 50 % çenli 12 göterim bilen 6 ýyla çenli hödürlenýär. Karzy üzmek awtomatik usulda bank kartyndan alynmak arkaly amala aşyrylýar. Müşderi bu karz hyzmaty arkaly aýlyk kartynda serişde ýok wagty wagtlaýyn karz alyp, peýdalanyp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň