Soňky habarlar

Arhiw

Johnson & Johnson waksinasy edilenden soň ABŞ-da iki sany sanjym merkezi ýapyldy

16:3509.04.2021
0
5283

RBK-niň habar bermegine görä, ABŞ-da Johnson & Johnson waksinasy edilenden soň ýaramaz netijeleriň ýüze çykmagynyň hasaba alynýandygy sebäpli iki sany sanjym merkezi ýapyldy. Şeýle ýagdaýlar demirgazyk Karolinada ýerleşýän sanjym merkezinde 18 adamda hasaba alnyp, olaryň 14-sinde waksina sebäpli ýaramaz täsir saglyga düýpli derejede zyýan ýetirmändir. Koloradodaky sanjym merkezinde bolsa waksina edilen 11 adamda saglyk üçin ýaramaz netije döräp, olaryň ikisi saglyk ýagdaýyna uzak wagtlaýyn gözegçilik etmek üçin hassahana ýerleşdirilipdir.

Häzirki wagta çenli bu ýaramaz täsirleriň waksina bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bardygy doly anyklanylmady. Bu barada Johnson & Johnson kompaniýasy habar bermek bilen, olar waksina alan adamlarda dörän ýaramaz täsirler hakynda ähli maglumatlary içgin öwrenýärler we öz hasabatlaryny ABŞ-nyň Derman serişdeleriniň we iýmit önümleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça dolandyryş edarasynyň garamagyna berýärler. Johnson & Johnson kompaniýasynyň bir düzümli waksinasy 18 ýaşdan geçen adamlara sanjym edilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, aprel aýynda Johnson & Johnson kompaniýasynyň Baltimorda ýerleşýän kärhanasynda önümçilik säwlikleri sebäpli COVID-19-a garşy bu waksinanyň 15 million mukdary zaýalandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň