Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada işgärler üçin hepdede 4 günlük iş gününe geçmeklik meýilleşdirilýär

16:2809.04.2021
0
5762

Ýaponiýada, ýurduň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Katsunobu Kato Hökümetiň raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hepdede 4 günlük iş gününi hödürlemegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Bu meýilnamanyň ýurduň Liberal Demokratik Partiýasy tarapyndan teklip edilendigini mälim eden Kato:"Durmuşda deňagramlylygy döretmeklik üçin dürli iş modellerini höweslendirmek möhümdir." - diýip belledi. Şeýle hem ol, täze meýilnama boýunça işgärleriň hepdede üç gün dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Kato hepdede üç günlük dynç alyşyň diňe bir çagalara ideg etmeklik, garry garyndaşlaryna ideg etmeklik ýa-da pandemiýa bilen göreşmeklik meselesinde işgärleri rahatlandyrman, eýsem olara ýurduň syýahatçylyk üçin niýetlenilen ýerlerine syýahat etmäge hem itergi berjekdigini aýtdy.

Bu teklip hünärmenler bilen maslahatlaşylanyndan soň, ýurduň parlamentine hödürlener.

Mundan öň, "Microsoft" şereketi Ýaponiýadaky şahamçasynda hepdede 4 günlük iş gününi, 3 günlük bolsa dynç alyş rugsadyny durmuşa geçiripdi we öndürijiligiň 40 göterim ýokarlanandygyny mälim edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň