Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa ulgamynda maýa goýum forumy geçirilýär

23:5308.04.2021
0
6838

“Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Şunuň bilen baglylykda, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlary özümizde öndürmegiň zerurdygy hakyndaky tekliplere garaldy. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Mundan başga-da, demir ýollaryň ugrunda ýerleşen ýük saklanylýan ammarlary gurmak we döwrebaplaşdyrmak, ýerlerde wagon terezilerini oturtmak, teplowozlaryň elektrik hereketlendirijilerine hyzmat edilmegini üpjün etmek, täze wagonlary ýygnamak, ýük konteýnerlerini we beýlekileri satyn almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoluny, Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy we beýleki şäherlerdäki döwrebap howa menzillerini nazara almak bilen, import harytlarynyň ornuny tutýan täze önümçilikleri döretmegiň zerurdygy bellenildi.

“Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň hünärmenleri tarapyndan ýolagçylara döwrebap hyzmatlary etmek, ýolagçy wagonlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olarda internet hyzmatyny ýola goýmak, pudagyň garamagyndaky düzümler üçin ätiýaçlyk şaýlary we serişdeleri öndürýän öz önümçiliklerimizi gurmak bilen bagly tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

Hususan-da, uçarlaryň we deňiz tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň ulanyş ýagdaýyna, ýolagçylara internet hyzmatlarynyň hödürlenilmegine, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine hem-de ýük konteýnerleriniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine üns berildi.

Ýükleri ugradýanlaryň we kabul edýänleriň arasyndaky hyzmatlaryň sanly ulgama geçirilmegi hakynda maglumat uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Hususan-da, elektron hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, Uber Freight programmasyna meňzeş, ýurdumyzda täze goşundyny işläp taýýarlamak hakynda teklibe seredildi. Şeýle hem, “Taksi hyzmatlary” taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynda awtoulag kärhanasyny döretmek teklip edildi.

Önüm öndürmek, şol sanda import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürmek babatda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Aragatnaşyk ulgamynda peýdalanmak üçin zerur bolan öýjükli sim-kartlary, akkumulýatorlary we kabelleri öndürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatyna aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze görnüşlerini hödürlemäge aýratyn üns berilýär, dürli programmaly önümleri döretmek we goldamak babatda ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

Maýa goýum forumy ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli import we eksport ugurly önümçilik babatdaky kuwwaty artdyrmak üçin tehnologik täzelikleri teklip etmäge taýýar ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini aýdyň görkezdi.

Maýa goýum forumy öz işini 9-njy aprelde tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň