Samsung kompaniýasy täze döreden, maglumatlary saklamagyň ýokary hilli howpsuzlyk derejesini üpjün edýän tötänleýin sanlaryň kwant generatoryny özünde jemlän Samsung Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol geçen ýyl satuwa çykarylan Samsung Galaxy Quantum smartfonynyň birnäçe täze funksiýalar bilen baýlaşdyrylan soňky görnüşidir.
Täze smartfona öňki kamera kesip almak mümkinçiligini döredýän döwrebap Infinity-O displeýi, ekranyň aşagynda ýerleşýän barmaklaryň skaneri, suwdan hem-de tozandan goraglylygyny kepillendirýän Ip67 şahadatnamasy we Dolby Atmos stereodinamikasy girizilendir. Metal korpusly enjamyň arka tarapynda 64 megapikselli, suraty optiki stabilleşdirijili esasy üç kamerasy ýerleşýär.
Galaxy Quantum2 smartfony 6,7 dýumly 120 Gs ýygylykly täzelenme FHD+ mümkinçilikli Super AMOLED displeýi ornaşdyryldy. Ol birkristallaýyn Snapdragon 855 Plus ulgamy esasynda döredilip, 8 GB işjeň ýady we 128 GB fleş ýady özünde jemleýär.
Smartfon 4500 mAh sygymly akkumulýatora eýedir. Galaxy Quantum2 smartfonyny öňünden buýurmak işleri 13-nji aprelde başlanar we buýrma üçin Galaxy Buds Live gulaklyklary(nauşnik) hem-de reňksiz daşlyk sowgat berler.
Smartfon 23-nji aprelden doly satuwa çykarylar.