Soňky habarlar

Arhiw

Gadymy şähere wirtual gezelenç

17:4608.04.2021
0
4400

Euronews habar bermegine görä, Flyover Zone kompaniýasynyň we Germaniýanyň arheologiýa institutynyň hünärmenleri Liwan döwletiniň ajaýyp ybadathanaly gadymy şäheri bolan Baalbeke wirtual gezelenç etmegi hödürleýärler.

Nemes arheologlarynyň karta düzmegi esasynda soňky 20 ýylyň dowamynda bu ýerlerde gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Bu gezelenji ýola goýmak nemes hünärmenleri tarapyndan teklip edildi. Indi kompýuteriň öňünde oturan ýeriňden bu ýerdäki ybadathana toplumynyň ähli ýerlerine ilik-düzme syn etmek bolýar. Bu maksatnamanyň awtorlary pandemiýa bilen bagly çäklendirmeleriň wirtual mümkinçilikleri artdyrandygyny belleýärler. «Galkynan Baalbek» diýip atlandyrylan bu wirtual syýahat 3D-renderleriň, panoramma görnüşleriniň, audiogidleriň kömegi bilen janly gezelenjiň täsirini döredýär.

Bu wirtual gezelenje isleg bildirýän islendik adam ýer ýüzüniň dürli künjeginden öýden çykmazdan mugt gatnaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň