Soňky habarlar

Arhiw

Bilermenler Android-iň howply funksiýalary hakynda duýduryş berýärler

17:3908.04.2021
0
7517

IT ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen meşgullanýan Check Point kompaniýasynyň bilermenler topary Android-smartfonlarynyň ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna howp salýandygyny belleýärler. Bu barada nationnews Forbesiň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý ulanyjylara olaryň tanyşlarynyň we dostlarynyň adyndan howply faýllara hem-de salgylanmalara girmek üçin habarnamalary ugratmak arkaly amala aşyrylýar. Bu faýllaryň açylmagy bilen enjamlarda programma üpjünçiligi ýüklenilip başlanýar we onuň üsti bilen ulanyjynyň şahsy maglumatlaryna elýeterlilik döreýär.

Şeýle hem neşiriň habar bermegine görä, Google Play Store-niň birnäçe hyzmatlary howplulyk döredýär. «Habarnamalaryň diňleýjisi» funksiýasynyň işi wagtynda bu hyzmat üçin gajetleri ulanyjylaryň maglumatlary elýeterli bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, bilermenler islendik priloženiýanyň mümkingadar howplulyk derejesini barlamagy we howplulygy güman edilen priloženiýalary enjamyň ýadyndan bozmagy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň