Soňky habarlar

Arhiw

NASA Mars planetasynda ilkinji dikuçary uçurmagy meýilleşdirýär

18:3507.04.2021
0
4400

Ingenuity dikuçarynyň Marsda ilkinji uçuşy 11-nji aprelde meýilleşdirilýär. Onuň taryhda ýeriň çäginden daşynda uçan ilkinji dikuçar boljakdygyny INTERFAX NASA-nyň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Dikuçar gyzyl planeta 18-nji fewralda «Perseverance» atly marsohod bilen äkidildi. Ingenuity dikuçarynyň bu ýerde amala aşyrmaly işi 31 güne deň bolup, bu möhletiň dowamynda ol Mars boýunça uçuşlary ýerine ýetirer we daş-töweregi aerofotosýomka eder. Barlag inženerçilik işleri we «Perseverance» marsohodynyň hem-de Ingenuity dikuçarynyň hereketi bilen baglylykda uçuş möhletleri üýtgedilip bilner.

Ingenuity dikuçarynyň ilkinji uçuşyna göni aragatnaşykda NASA-nyň saýty arkaly tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň