Reper Will.i.am bahasy 299$ bolan gorag örtügi bilen tanyşdyrdy

18:2107.04.2021
0
4860

Meşhur reper Will.i.am Honeywell korporasiýasy bilen bilelikde döreden gorag örtükleriniň şahsy nusgasy ― gulaklyklar berkidilen akylly görnüşi bilen tanyşdyrdy. Xupermask diýip atlandyrylan bu gorag örtügi silikon matasyndan tikilip, çalşylýan HEPA filterleri hem-de üç tizlikli iki sany wentilýatorlar bilen üpjün edilendir. Olar dem almak üçin arassa howanyň çalşygyny ýeňilleşdirýär. Mundan başga-da gorag örtüginiň gulagyň yzyna ýetýän guşajyk bilen üpjün edilmegi ony ulanyjynyň öz islegine laýyk sazlamagyna mümkinçilik berýär.

Gorag örtüginiň toplumyna girýän simsiz gulaklyk Bluetooth 5.0 görnüşli galmagaly peseldiji ulgam bilen üpjün edilendir. Şeýle hem gorag örtügi galmagaly peseldiji mikrofony we sekiz sagada çenli işlemäge ukyply batareýkany özünde jemleýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, gorag örtügini çykarmazdan, daşky akkumulýatorlar arkaly ony kuwwatlandyrmak bolýar.

Reper Will.i.am-yň bellemegine görä, bu gorag örtügini döretmek pikiri onda Beýik Britaniýadan ABŞ-a amala aşyran birnäçe sagatlyk uçuş wagtynda döräpdir. Uçuş wagtynda reper häzirki ulanylýan gorag örtüklerinde gulaklyklary dakynmagyň oňaýsyzdygyna hem-de olaryň äýnekleriň häli-şindi bugarmagyna getirýändigine göz ýetiripdir.

Xupermask gorag örtügi ABŞ-da 8-nji aprelde satuwa girizilip, 299$ bahadan müşderilere elýeter bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň