Soňky habarlar

Arhiw

Oksfordda AstraZeneca waksinasynyň çagalarda synag edilmegi wagtlaýyn saklandy

16:0507.04.2021
0
4111

TASS Oksford uniwersitetinde AstraZeneca waksinasyny çagalarda we ýetginjeklerde synag etmegiň başlangyç böleginiň wagtlaýyn saklanandygyny habar berýär. Bu barada uniwersitetiň synag geçirmek boýunça maksatnama bölüminiň başlygy professor Endrýu Pollard:«Biz pediatriýa kliniki barlaglaryň howpsuzlygy hakynda hiç hili gorkynyň ýokdugyna garamazdan, MHRA(Derman serişdelerine we lukmançylyk önümleriniň bellenilişine gözegçilik boýunça britan Agentligi) tarapyndan uly ýaşlylarda trombozyň ýa-da trombositopeniýanyň döremegi bilen bagly seýrek ýagdaýlar boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerine garaşýarys hem-de häzirlikçe waksinasiýa işlerine wagtlaýyn säginme berýäris» diýip belledi.

Beýik Britaniýada 13-nji fewralda başlanan synaglaryň I/II bölegine 300 çaganyň we 6 ― 17 ýaş aralygynda bolan ýetginjekleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulypdy. Ozal bilermenler tarapyndan waksina sebäpli trombozlaryň döremegini sanjym alýan adamlaryň ýaşy bilen baglanyşdyrylypdy we bu ýagdaýyň, esasan, ýaşlarda ýüze çykýandygy bellenipdi.

Sişenbe güni MHRA ýörite hünärmenleriň AstraZeneca sebäpli trombozlaryň döremek hadysasyny öwrenmegini dowam edýändigini we waksina almagyň peýdasynyň käbir töwekgelçiliklerden görnetin ýokary gelýändigini habar berdi.

Beýik Britaniýada waksina edilenleriň 60 ― 70%-i AstraZeneca sanjymyny aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň