Soňky habarlar

Arhiw

Demirgazyk Koreýa Tokio Olimpiýa oýunlaryndan çekildi

23:5206.04.2021
0
2836
Demirgazyk Koreýa Tokio Olimpiýa oýunlaryndan çekildi

Demirgazyk Koreýa öz türgenlerini täze görnüşli koronawirus epidemiýasyndan goramaklyk üçin Tokio Olimpiadasyna gatnaşdyrmajakdygyny mälim etdi.

Kýodo agentliginiň habaryna görä, şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýada geçirilmegine garaşylýan Tokio Olimpiýa oýunlaryndan çekilendigini habar beren ilkinji ýurt Demirgazyk Koreýa boldy.

Demirgazyk Koreýanyň Olimpiýa komiteti öz türgenlerini «COVID-19» ýokanç keseliniň täze görnüşinden goramaklyk üçin, Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrmazlyk baradaky kararyň kabul edilendigini habar berdi.

Tokio Olimpiýa oýunlaryny 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň