Türkmenistanyň Futbol federasiýasy paýtagtymyzyň futbol mekdeplerine futbol toplaryny sowgat berdi

20:0506.04.2021
0
6364

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda şu gün Küşt-şaşka mekdebiniň konferensler-zalynda Aşgabat şäheriniň futbol mekdepleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplarynyň onlarçasy bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn oýun görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri doly goldaýar.

«Bu diňe bir çagalary sporta çekmek bilen bagly bolman, eýsem-de, olar bilen ýakyndan gatnaşmaga hem itergi berýär. Mundan başga-da, oýun görnüşleri bilen meşgullanýan çagalarda birek-birek bilen dostlaşmaga hem gowy mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, futbol toplary bilen ýörite sowgatlar ýurdumyzyň hemme welaýatlarynyň sport mekdeplerine gowşurylar» diýip, TFF-niň başlygy belläp geçdi.

Golaý günlerde TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagynda bu duşuşyklar ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda geçirilip, ýerli futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabaralary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň