Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gazagystanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň nusgalyk düzümine girizildi

19:0706.04.2021
0
4132

«Kaspiý» futbol toparynda çykyş edýän türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Gazagystanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň nusgalyk düzümine girizildi. Bu barada «Gazagystanyň sport portaly» habar berýär.

Şol tapgyrda «Žetysu» bilen geçirilen duşuşykda biziň ildeşimiziň 83-nji minutda tapawutlanyp, toparynyň ýeňşine uly goşant goşandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, ol tapgyryň iň gowy dört ýarym goragçysynyň biri hökmünde görkezildi.

Yzda galan üç tapgyrda 4 utuk toplan «Kaspiý» ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň