Ýaýdan ok atmak boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi

18:4606.04.2021
0
5371

Ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi tamamlandy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň şäherdäki 5-nji sport mekdebi bilen bilelikde guran ýaryşyna türgenleriň 30-dan gowragy gatnaşdy.

Paýtagtymyzyň birinjiligi Olimpiýa ulgamyna laýyklykda, 12 we 18 metr aralyklardan ok atmak boýunça geçirildi. Ýaryş ýaş derejeleriniň üçüsinde: 2003-nji ýylda we ondan öň doglanlaryň, 2004 ― 2007-nji ýylda doglanlaryň hem-de 2008-nji ýylda we ondan soň doglanlaryň arasynda boldy.

Ulularyň arasyndaky ýaryşyň çägindäki 18 metr aralykdan nusgawy atylyşda polat Metdiýewe taý tapylmady. Ol 17 türgeniň arasyndan saýlanyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýaýdan ok atmagyň beýleki bir görnüşinde bolsa Georgiý Agiýarow ähli bäsdeşlerinden gowy netije görkezdi.

Şeýle hem 2004 ― 2007-nji ýyllaryň aralygynda doglan çagalaryň arasyndaky ýaryşda Gurban Gurbanow, 2008-nji ýylda we ondan soň doglanlaryň arasynda Ezizmuhammet Sähedow iň ýokary netijeleri gazanan türgenler boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň