Teslanyň aksiýalary ýene-de gymmatlady

16:2606.04.2021
0
4955

Tesla kompaniýasy ýene-de maliýe täzelikleriniň merkezine öwrüldi. Milliardlarça maýa goýumlar hakynda habarlar ýaňy dilden düşürilen badyna Ilon Maskyň kompaniýasynyň aksiýalarynyň bahalarynyň gymmatlandygy barada täzelik ýaýrady. Rambler, synçylaryň pikirine görä, birden ýüze çykan bu ýagdaýyň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň elektromobilleri öndürmek derejesiniň rekord möçberine barandygy hakynda hasabatynyň sebäp bolandygyny habar berýär.

NASDAQ biržasynyň hasaplamalaryna görä, Teslanyň aksiýalary 5,07 göterim ýokarlanyp, birligi 695,11 dollara ýetdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň iň ýokary ösüş döwründe gymmatbahaly kagyzlar 714 dollara deňdi. Muňa garamazdan, geçen döwür bilen deňeşdirilende ösüş 7,9 göterime barabardyr.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla dünýä boýunça 184800 elektromobillerini öndürmek bilen, bu ugurda öňde goýlan 177822-ä deň bolan görkezijini artygy bilen ýerine ýetirdi. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Teslanyň kapitalizasiýalaşdyrma işleri ABŞ-nyň iň öňdebaryjy awtoöndüriji kompaniýalarynyň üçlügine girýän General Motors kompaniýasynyň kapitalizasiýalaşdyrmasyndan ýokary görkezijä eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň