Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumyna bardy

23:5705.04.2021
0
6249

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri tamamlandy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow toplumyň desgalarynyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu ýerde ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylmagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boljakdygyny belledi.

Milletiň Lideri toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilliligi, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşykda we milli öwüşginde bolmagy möhüm talapdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany alabaý itleriniň taryhyny ylmy esasda öwrenmek hem-de has belli nesil ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda degişli alymlar, oba hojalyk toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi wepadarlygy, gaýduwsyzlygy hem-de emlägi, öý goşlaryny, goýun sürülerini goramakda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratynyň artmagyny şertlendirer diýip, milletiň Lideri belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilýän şanly senesi mynasybetli açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Şol dabaralarda eziz Diýarymyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň